2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça paýtagtymyzda geçirilen V Aziýa oýunlarynyň açylyş hem-de ýapylyş dabaralaryny kabul eden 45 müň tomaşaçylyk Aşgabat Olimpiýa stadiony dünýäniň iň gowy stadionlaryň dalaşgärleriniň sanawyna goşuldy.
Sportuň oýun görnüşleriniň toplumy Olimpiýa şäherjiginiň iň uly desgasydyr we onuň sygymlylygy 15 000 adamdyr. Bu desga Olimpiýa şäherjiginiň günortasynda ýerleşip, ol ýerde üç söweş sport görnüşi, ýagny sport göreşi, guşakly göreş we türkmen milli göreşi boýunça ýaryşlar geçirilýär.
Taekwondo we tans sport arena Olimpiýa şäherjiginiň günortasynda ýerleşýär. Bu desgada taekwondo we tans sporty boýunça ýaryşlar geçiriler. Onuň sygymlylygy 1000 adam.
Bilýard sport arena Olimpiýa şäherjiginiň günortasynda ýerleşýär. Bu desgada bilýard sporty boýunça ýaryşlar geçiriler. Onuň sygymlylygy 1 000 adam.
Başa-baş söweş sungaty sport toplumy Olimpiýa şäherjiginiň günortasynda ýerleşýär. Bu desgada sambo, jiu-jitsu we kuraş boýunça ýaryşlar geçiriler. Onuň sygymlylygy 5 000 adam.
Taýboks we kikboksing arena Olimpiýa şäherjiginiň günortasynda ýerleşýär. Bu desgada taýboksy we kikboksing boýunça ýaryşlar geçiriler. Onuň sygymlylygy 861 adam.
Agyr atletika arena Olimpiýa stadionynyň günortasynda ýerleşýär. Bu desgada agyr atletika boýunça ýaryşlar geçiriler. Onuň sygymlylygy 861 adam.
Olimpiýa suw toplumy Olimpiýa şäherjiginiň demirgazygynda ýerleşýär. Bu desgada gysga aralyga ýüzmek boýunça ýaryşlar geçiriler. Onuň sygymlylygy 5 000 adam.
Tennis toplumy Olimpiýa şäherjiginiň demirgazygynda ýerleşýär. Bu desgada tennis boýunça ýaryşlar geçiriler. Onuň sygymlylygy 4 000 adam. 2016-njy ýylyň sentýabrynda Tennis toplumynda halkara tennis ýaryşy geçirildi.
Welotrek sport binasy Olimpiýa stadionynyň günortasynda ýerleşýär. Bu desgada welosport (trek) boýunça ýaryşlar geçiriler. Onuň sygymlylygy 6 000 adam.
3x3 basketbol arena Olimpiýa şäherjiginiň demirgazygynda ýerleşýär. Bu desgada 3x3 basketbol ýaryşlary geçiriler. Onuň sygymlylygy 2 000 adam.
Ýapyk bina ýenil atletika toplumy Olimpiýa şäherjiginiň demirgazygynda ýerleşýär. Bu desgada ýeňil atletika boýunça ýaryşlar geçiriler. Onuň sygymlylygy 5 000 adam. 2016-njy ýylyň sentýabrynda Ýapyk bina ýenil atletika toplumynda halkara synag ýaryşy geçirildi.
Bowling arena Olimpiýa şäherjiginiň demirgazygynda ýerleşýär. Bu desgada bowling boýunça ýaryşlar geçiriler. Onuň sygymlylygy 500 adam.
Küşt arena Olimpiýa şäherjiginiň demirgazygynda ýerleşýär. Bu desgada küşt boýunça ýaryşlar geçiriler. Onuň sygymlylygy 500 adam.