WWC 2018

Medeniýet

Özüniň gözbaşyny taryhyň jümmüşinden alýan türkmen medeniýeti, asyrlar boýunça ençeme jahankeşdeleriň ünsüni özüne çekip gelýär.

Türkmen medeniýetiniň gadymy taryhy bar. Türkmenistanyň milli sungaty, halkyň döredijilik taryhy zergärler, küýzegärler, demirçiler, taraçylar, binagärler we agaç ussalary ýaly senetçileriň däp-dessurlary gorap saklamagy arkaly kämilleşdirildi.

El halysynyň gölleriniň türkmen halkynyň ruhubelentliligini we döredijilik ukyplaryny aýan edişi ýaly, halkyň döwrebap milli medeniýeti hem baý taryhyň, edebi mirasyň aýdym-sazyň we çeperçilik sungatyň iň gowy taraplaryny görkezýär. Folklor, el işleri, däp - dessurlar türkmen medeniýetiniň esasy özeni bolup, olar dünýä medeniýetiniň oňyn özgerişliklerini özünde jemleýär.

Türkmenistanda 2018-nji ýyl "Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi" diýlip yglan edilenden soňra, Türkmenistanyň baý medeniýetini dünýä tanatmak üçin daşary ýurtlarda we ýurdumyzda ençeme medeni çäreler we konferensiýalar gurnaldy.

Baş hemaýatkär

Resmi hemaýatkärler

Resmi hyzmatdaşlar

Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.
Which page:
Selected text:
Note:
x