Halkara agyr atletika federasiýasy (IWF) bäş kontinentiň ählisinden, tutuş dünýäden 192 sany affilirlenen milli federasiýadan ybarat bolan, hemişelik täjirçilik-däl guramadyr
Agyr atletika sporty 1896-njy ýyldaky ilkinji häzirkizaman Olimpiýa oýunlaryna girizilen ilkinji sport ugurlarynyň hatarynda durýar
1905-nji ýylda esaslandyrylan IWF iň baýry halkara sport federasiýalarynyň biridir
IWF tutuş dünýäde agyr atletika boýunça dolandyryjy edaradyr
IWF Halkara Olimpiýa komiteti (IOC) tarapyndan halkara agyr atletika sportunyň ýeke-täk dolandyryjy edarasy hökmünde ykrar edilýär
IWF SportAccord-yň we Tomusky Olimpiýa halkara federasiýalarynyň assosiasiýasynyň (ASOIF) agzasydyr
Garaýşy
Esasy sport ugry hökmünde agyr atletikany ösdürmek, şeýle hem, onuň ähli gatnaşyjylarynyň bähbidi üçin ösüşi, saglygy we agzybirligi goldamak
Maksady
Agyr atletika sportuny tutuş dünýäde ösdürmek, öňe sürmek we düzgünleşdirmek
Sportuň we Olimpiýa ýörelgeleriniň esasy gymmatlyklaryny amala aşyrmak
Parahatçylyk we özara düşünişmek boýunça ähli başlangyçlary goldamak
Ýaryşlaryň Fair Play ruhunda bolmagyny öňe sürmek we gazanmak
Millet, reňk, jyns, din ýa-da syýasat sebäpli hiç hili alalamazdan dürli kontinentlere, ýurtlara, adamlara deň şertleri üpjün etmek
Öňde goýlan sepgitler
Agyr atletika sportuny halkara möçberde guramak, dolandyrmak we ösdürmek
Sporty we IWF-i parlamentar demokratiýanyň we aç-açanlygyň ýörelgelerine we tejribesine laýyklykda düzgünleşdirmek
Agyr atletika boýunça kadalary we düzgünnamalary kesgitlemek
Ähli halkara agyr atletika ýaryşlaryny dolandyrmak we düzgünleşdirmek
Dünýä çempionatlaryny, Olimpiýa saýlama ýaryşlaryny we beýleki iri sport çärelerini guramak
Olimpiýa oýunlaryny we agyr atletika ýaryşlaryny guramakda IOC bilen hyzmatdaşlyk etmek
Türgenleriň we resmi taraplaryň howpsuzlygyny we saglygyny üpjün etmek
Dopinge garşy göreşmek
Milli federasiýalarda agyr atletikanyň ösdürilmegini goldamak
Kontinental, sebitleýin we beýleki köp-sportly oýunlarda agyr atletika ýaryşlaryna gözegçilik etmek
Kontinental we sebitleýin federasiýalaryň işjeňliklerine gözegçilik etmek
Halkara tehniki wekilleriň bellenilmegini hasaba almak we düzgünleşdirmek
Türgenleri we resmileri okatmak
IWF bilen milli federasiýalaryň arasynda ähliumumy bähbidi gorap saklamak, şeýle hem, özara hormat goýmagy we agzybirligi üpjün etmek
Dünýä we Olimpiýa rekordlaryny bellige almak we tassyklamak
Baş hemaýatkär
Resmi hemaýatkärler
Resmi hyzmatdaşlar
Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.