WWC 2018

Söhbetdeşlikler

Eko Ýuli Irawan: «Aşgabatda Tokio tarap gadam goýduk»

... «Aşgabat 2018» ady bilen geçirilýän agyr atletika boýunça dünýä çempionaty gyzgalaňly ýagdaýda dowam edýär. Dünýä çempionatynda  61 kilogram agram derejesinde erkekleriň arasynda geçirilen ýaryşyň netijesi belli boldy. Çempionatyň resmi saýtynyň şu günki myhmany Indoneziýanyň ilkinji altyn medalyny gazanan türgen – Eko Ýuli Irawan.

– Altyn medalyňyz gutly bolsun, Irawan. Mümkin bolsa, ýetmesi ýeňil düşmedik ýeňşiňiz barada aýdyp beräýseňiz...

– Minnetdar! Bir zady anyk aýdyp bilerin. Kiçi göwrümli ýaryşlar hem hiç bir türgene ýeňil düşýän däl bolsa gerek. «Aşgabat 2018» türgenler üçin uly ýaryş ahyry. Ýer ýüzüniň iň ezber agyr atletikaçylary bu ýerde. Ýeňişli münbere çykmak üçin nähili kyn bolanyny biliber onsoň...

– Bu çempionatda 61 kg agram derejesinde çykyş etdiňiz. Öň haýsy agramda çykyş edýärdiňiz?

– 62 kg agramda. Öňki  geçirilen dünýä çempionatlarynda, Olimpiýa oýunlarynda hem şol agramda çykyş edipdim. Şowly bolupdy. Ol ýaryşlardan hem hem boýnuma kümüş, bürünç medal dakynyp, ýurduma dolanmak nesip edipdi.  

– Tüweleme, Irawan! Size şeýleräk sowal bilen ýüzlenesimiz gelýär. Näme sebäpden öňki çykyş eden agram derejäňizden ýokary galman, aşaky agram derejä düşdüňiz?

– Ýeňiş gazanmak üçin.

– Düşnükli. Onda bize 2020-nji ýylda Tokioda geçiriljek Olimpiýa oýunlarynda hem «Olimpiýa çempiony» bolmagyňyza garaşaýmak galýar. 

– Elbetde. Ol meniň baş maksadym. Biz Aşgabatda Tokio tarap gadam goýduk.

– Öňde goýan maksatlaryňyz myrat tapsyn, Irawan!

– Sag boluň!

Söhbetdeş bolan Aýbölek ABDYÝEWA, 
«Mawy yşyk» başlangyç hünär okuw mekdebiniň sport synçysy hünäriniň talyby. 

Baş hemaýatkär

Resmi hemaýatkärler

Resmi hyzmatdaşlar

Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.
Which page:
Selected text:
Note:
x