WWC 2018

Söhbetdeşlikler

Moniko Puntewella: “Aşgabatda geçirilýän agyr atletika boýunça dünýä çempionaty hemmelere şatlyk paýlar”

Filippin toparynyň wekilleri dünýä çempionatyny guraýjylaryň alyp barýan işleri baradaky pikirlerini we üstünligiň syryny paýlaşdylar. 1-nji noýabrda Türkmenistanda badalga berlen dünýä çempionatyna 100 töweregi ýurtdan 800-e golaý türgen gatnaşýar. Filippiniň milli ýygyndysynyň wekili Moniko Puntewella söhbetdeş bolmaga göwünjeň razylyk berdi.  

- Sizi Aşgabatda nähili garşy aldylar?

- Men köp ýurtlarda, ýaryşlarda we dünýä çempionatlarynda bolup gördüm. Şeýle ýaryşlary guramak netijeliligi we güýji talap edýär. Dünýäniň ähli künjeginden ýüzlerçe, hatda müňlerçe türgeni kabul etmek aňsat iş däl. Şu dünýä çempionaty üçin görülýän taýýarlyklary görenimde dünýäniň ähli ýerinden gelen wekilýetleriň ähli agzalary üçin iri sport çäresini ýokary derejede geçirmegi başaran ýerli hünärmenleriň işi meni haýran galdyrdy.

- Bu dünýä çempionatynda nämä garaşýandygyňyz barada gürrüň beräýseňiz!

- Baýrakly orny eýelemek üçin biziň güýçli dalaşgärimiz bar. Bu Filippiniň buýsanjy Hidilin Diasdyr. 27 ýaşly zenan agyr atletiakçynyň üstünligi gymmatlydyr, sebäbi 2016-njy ýylda Rio-de-Janeýroda (Braziliýa) geçirilen tomusky Olimpiýa oýunlaryndaky kümüş medal biziň ýurdumyzdaky agyr atletika sportunyň ösüşiniň taryhynda ilkinjidir. 

- Onuň görkezen netijesi ýurtdaşlaryna nähili täsir etdi?

- Şol wagt Filippinlileriň nä derejede şatlanandyklary ýadyma düşýär we agyr atletika sporty şeýle bir meşhurlyk gazandy welin sport hatarlary sözüň doly manysynda çenden aşa dolýardy. Esasanam sport eşigine maddy güýji ýetmeýän garyp maşgaladan gelip çykan gyzlar we oglanlar muňa ymtylýardy. Ýagny, Hidilin Diasyň üstünligi bu ugurda aýgytlaýjy ädim boldy we häzirki wagtda agyr atletika sporty ýaşlar üçin iň halanýan sporta öwrüldi.

- Siz üstünligiň syry hökmünde nämäni maslahat berersiňiz? 

- Agyr atletika sportunda türgen platformadaky ştanganyň ýanyna barmanka ilki başda özi bilen, ýagny şübheleri ýa-da aladalary bilen göreşýär. Şeýlelikde, üstünlige ýetmedik ýagdaýynda günäni ştangadan görmeli däli. Ähli netije diňe özüňize bagly. 

- Ýaş türgenlere näme aýtmak isleýärsiňiz?

- Men olara bu sport bilen yzygiderli we ýadawsyz meşgullanmaklaryny maslahat berýärin. Beýle etmeklik sizi güýçli we özüňe ynamly ýagdaýa getirer. Sözümi jemlesem, biziň toparymyz eýýäm Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty 2018 - ajaýyp sport ýaryşynyň “ummanyna” çümendigini begenç bilen nygtaýaryn. Aşgabatda geçirilýän Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň gatnaşyjylara we sport muşdaklaryna şatlyk getirjekdigine doly ynanýaryn. 

www.sng.today

Baş hemaýatkär

Resmi hemaýatkärler

Resmi hyzmatdaşlar

Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.
Which page:
Selected text:
Note:
x