WWC 2018

Söhbetdeşlikler

Rebeka Koha: «Aşgabatda geçirilýän dünýä çempionaty meniň has hem ýokary sepgitlere ýetmäge ukyplydygymy aýan etdi»

Rebeka özüniň ilkinji hem-de sözüň doly manysynda uly üstünligini 2012-nji ýylda gazandy. Şol ýyl Wentspil şäheriniň türgeni 14 ýaşly yklym boýunça geçirilen ýaşlaryň arasyndaky ýaryşlarda bürünç medala mynasyp bolupdy.  Şondan bir ýyl soňra hem, öňkä görä agyrrak, 48 kg agram boýunça çykyş edip, Rebeka şol üstünligini gaýtalady. 2016-njy ýylda Rio-de-Žaneýro şäherinde geçirilen Olimpiýa oýunlarynda 4-nji orny eýelemek bilen latwiýaly türgen dünýä jemgyýetçiligini haýran galdyrdy. Soňra ulularyň arasynda geçirilen Ýewropa çempionatynda kümüş medala mynasyp boldy, şeýle-de ýaşlaryň arasynda dünýä çempiony adyna eýe boldy. Ýöne haýran galdyrýan ýeri, Rebeka ýokary derejede geçirilýän ýaryşlaryň ählisinde diýen ýaly rekord goýmagy başarýardy. Aşgabatda geçirilýän ýaryşda hem ýaşlaryň arasyndaky 3 dünýä rekordyny täzelemek bilen özüniň üstünlikli çykyşyny dowam etdi.  

– Dünýä çempionatynda ýeňiş gazanyp, nähili duýgulary başdan geçirdiňiz? 

– Bu şeýle ajaýyp duýgy, şatlykly pursat boldy! Öz Watanym Latwiýanyň wekili hökmünde münbere çykyp, döwlet gimnini diňlemek meniň üçin örän uly abraýdyr. Şeýle ýokary netije gazananyma diýseň guwanýaryn. Geçen ýyl Anahaým şäherinde geçirilen çempionatda hem üçünji orny eýeläpdim, ýöne ol ýerde bu çempionatdaky ýaly bäsleşik ýokary bolmandy. Aşgabatda geçirilýän dünýä çempionaty meniň has hem ýokary sepgitlere ýetmäge ukyplydygymy aýan etdi. 

– Ýaryş geçýän mahaly öz ýurduňyz tarapyndan goltgy duýduňyzmy? 

– Elbetde. Latwiýada köpleriň dünýä çempionatyna tomaşa edýändigini we meni goldaýandyklaryny bilýärdim. Şolar ýaly hem meniň maşgalam, garyndaşlarym we dostlarym çyny bilen goldaýarlar. Galyberse-de, meniň hemişe ýanymda bolup, ruhlandyrýan, göwünlik we degerli maslahatlary berýän tälimçilerimiň goldawyny duýýaryn. 

– Dünýä çempiony bolmak üçin näçe wagtlap türgenleşmek gerek? 

– Ummasyz. Düşenbe güni başlap, şenbe güni hem, her günüň dowamynda iki gezek türgenleşigim bar. Ýekşenbe güni hem ýeňil görnüşde türgenleşik geçýärin.  

– Okuwyňyzy sport bilen utgaşdyryp bilýärsiňizmi? 

– Elbetde, ýeňil düşmändi. Bäsleşiklere gatnaşmak üçin ýygy-ýygydan başga ýerlere gitmeli bolýardy, şol bir wagtyň özünde okuwa hem ýetişmelidi. Ýöne meniň mugallymlarym ýagdaýyma düşünýärdiler we zerur halatlarda okuwymda kömek berýärdiler. 

– Siz zenanlara şeýle bir mahsus bolmadyk sportuň bu görnüşi bilen nähili türgenleşip başladyňyz? 

– Ilki bilen meniň enem-atamyň hem ömür boýy sport bilen meşgulanandyklaryny belläsim gelýär. Kakam agyr atletika bilen meşgullanýardy we käwagt öz ýany bilen türgenleşik zalyna alyp gidýärdi. Şonuň üçin hem, haçanda meniň ilkinji tälimçim Ulwis Berzons mekdebimize gelip, agyr atletika bilen meşgullanmagy teklip edende, onuň teklibi meni gyzyklandyrdy. Ýöne ilki başda meniň toparymdan oglanjyklar gatnap başlady. Soňra men hem türgenleşige gatnap ugradym, şol wagt meniň joram eýýäm türgenleşip ýördi. Men synladym, özüm synanyşyp gördüm, şeýdip türgenleşige başlap, agyr atletika gyzygyp gitdim.  

– Şol döwür dünýäniň çempiony bolaryn diýip pikir edýärdiňizmi? 

– Elbetde ýok (Rebeka sesli gülip goýberdi). 

Biz Rebekanyň üstünligiň ýokary sepgitlerine ýetjekligine, Ýewropanyň, dünýäniň çempionatlarynyň hem-de Olimpiýa oýunlarynyň ýeňijisi boljakdygyna ýüregimiz bilen ynanýarys. 

Çeşme: www.grani.lv

 

Baş hemaýatkär

Resmi hemaýatkärler

Resmi hyzmatdaşlar

Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.
Which page:
Selected text:
Note:
x