WWC 2018

Söhbetdeşlikler

Italo Barattini: «Türkmenistanly dostlarymyzyň myhmansöýerligi ýakymly täsir galdyrdy»

Halkara agyr atletika federasiýasynyň agzasy Italo Barattini «ashgabat2018.com» saýtynyň “Söhbetdeşlikler” bölüminde çykyş edýär. Ol sowallarymyza höwes bilen jogap berdi.

— Salam, sizi Türkmenistanda hoş gördük! Ilki bilen özüňizi tanyşdyraýsaňyz?

— Salam! Men Italo Barattini. Çili döwletinden geldim. Men agyr atletika boýunça halkara federasiýasynyň agzasy bolup, dünýä çempionatyna resmi tehniki jogapkär hökmünde gatnaşýaryn.

— Siz agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň guramaçylygy hakynda näme aýdyp bilersiňiz?

— Aşgabat şäherinde geçirilýän dünýä çempionatynyň guramaçylygy örän ýokary derejede. Bu ýerde daşary ýurtly myhmanlar we türgenler üçin ähli şertler döredilen. Aýratynam, ýaryşlaryň geçirilýän sport Olimpiýa şäherjigi meniň ünsümi özüne çekdi.

— Bilşimiz ýaly, Aşgabat şäheri ak mermerli şäher hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Bu şäheriň sizde galdyran täsiri hakda aýdyp beräýseňiz?

— Hakykatdan-da, Aşgabat örän owadan şäher. Meniň bu ýere ilkinji gezek gelip görşüm. Ondaky bina edilen beýik binalardyr döwrebap desgalar we ak mermerli ýaşaýyş jaýlary Aşgabady has-da gözelleşdirýär. Bu şäheriň gözelligi ýaly türkmenistanly dostlarymyzyň  güler ýüzleri we myhmansöýerligi ýakymly täsir galdyrdy. Biz bu şähere ilkinji ädim ädenimizde myhmansöýerlik bilen mähirli garşylamaklary meniň örän göwnümden turdy.

— Siz bu ýaryşyň gidişi barada näme aýdyp bilersiňiz?

— Dünýä çempionaty häzirki wagtda örän gyzgalaňly dowam edýär. Bu ýaryşa dünýäň ähli künjeklerinden daşary ýurtly türgenler gelip, olaryň hersi täze rekord goýmaga synanyşýar. Men agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň ählimiz üçin üstünlikli tamamlanjakdygyna ynanýaryn.

Söhbetdeş bolan Selbi ANNAKURBANOWA
Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.

Baş hemaýatkär

Resmi hemaýatkärler

Resmi hyzmatdaşlar

Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.
Which page:
Selected text:
Note:
x