WWC 2018

Soňky habarlar

Hemmeleriň üns merkezindäki ýaryşlar

Planetanyň iň güýçli ştangaçylaryny Türkmenistanyň paýtagtynda jemlän agyr atletika çempionaty ahyrlaýar. Çempionatyň 9-njy güni 109 kilograma çenli erkekler agramdaky hem-de 87 kilograma çenli agramdaky zenanlar medallaryň eýelerini belli ederler.

Şol bäsleşikler günüň ahyrynda geçiriler. Oňa çenli bolsa 87+ agramdaky zenanlar «C» toparda, şu gün medallar ugrunda göreşjek agramlaryň wekilleri hem «B» toparda güýç synanyşarlar.

Çempionatyň başyndan bäri eýýäm ençeme gezek «B» toparda çykyş eden ştangaçylaryň medallar ugrundaky bäsleşiklere goşulandyklary dünýä birinjiliginiň çekeleşigini artdyrýar. Şonuň üçin şu günem uzakly günüň dowamynda agyr atletikaçylaryň arasyndaky dartgynly göreşe we ajaýyp çykyşlara şaýat bolarys.

Ysmaýyl ORAZOW,
Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby.

Baş hemaýatkär

Resmi hemaýatkärler

Resmi hyzmatdaşlar

Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.
Which page:
Selected text:
Note:
x