WWC 2018

Soňky habarlar

Zenanlar milli ýygyndylaryna has köp medal getirmäge çalyşýarlar

Soňky olimpiýa oýunlarynyň netijelerini seljerip, zenanlaryň öz ýurtlaryna has köp medal getirip başlandyklaryny görmek bolýar. Olaryň öz ýurtlarynyň milli ýygyndylarynyň düzümindäki erkeklerden kem galmajak bolup yhlas edýändiklerine Aşgabatdaky dünýä çempionatynyň dowamynda-da göz ýetirilýär.

Dünýä çempionatynyň 9-njy güni 87 kilograma çenli agramdaky zenanlar ýaryşa girişdiler. Bu agramda Dominikan Respublikasyndan Santana Peguero Crismery Dominga bilen Aziýa oýunlarynyň (2014) çempiony bolan demirgazyk koreýaly gyz Kim Un Ju altyn medala esasy dalaşgär hasaplanýar.

Hytaýly Ao Hui hem Aziýanyň çempionatlarynda oňat netije görkezýän agyr atletikaçylaryň biridir. Şeýle-de, russiýaly Diana Mstieva baýrakly orunlara dalaş etmäge taýýarlyk görýär. Onuň Ýewropanyň çempionydygy (2017) we Uniwersiadanyň (2017) kümüş medalynyň eýesidigi bäsdeşlerine çynlakaý garşylyk görkezjekdigini aýtmaga esasy berýär.

 Diýmek, bu agramda hem janköýerler gyzykly ýaryşa tomaşa edip bilerler.

Jahantäç ÖWEZOWA,
«Mawy yşyk» başlangyç hünär okuw mekdebiniň talyby

Baş hemaýatkär

Resmi hemaýatkärler

Resmi hyzmatdaşlar

Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.
Which page:
Selected text:
Note:
x