WWC 2018

Soňky habarlar

Olimpiadanyň medalçylary dünýä çempionatynyň medallary ugrunda göreşerler

Türkmenistanda dowam edýän agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda şu gün agyr agramdaky ştangaçylar göreşe girişýärler. 109 kilograma çenli agramda çykyş edýän erkekleriň ýaryşynda baýrakly orunlar ugrundaky göreşe bilesigelijilik bilen garaşylýar.

109 kilograma çenli erkekleriň bäsleşiginde ermenistanly Ýewropa çempiony Simon Martirosyan altyn medala esasy dalaşgärleriň biri hasaplanýar. Onuň 2016-njy ýylda Olimpiýa oýunlarydna kümüş medal gazanandygyny  ýatladýarys.

Özbegistanly agyr atletikaçy Ruslan Nurudinov bolsa Braziliýadaky Olimpiýa oýunlarynda altyn medal gazanypdy. Has dogrusy, Rio-de-Žaneýrodaky Olimpiadada Simon Martirosyan bilen Ruslan Nurudinov altyn medal ugrunda bir agramda (105 kg) bäsleşipdiler. Indi bolsa olar Aşgabatda dünýä çempionatynyň altyn medaly ugrundaky göreşe girişerler.

Yrakly Salwan Jasim hem baýrakly orunlaryň birine dalaş eder diýip çaklanylýar. Ol 2017-nji ýylda Bakuda guralan Yslam Raýdaşlyk oýunlarynda kümüş medal gazandy, şeýle-de Indoneziýadaky Aziadada Ruslan Nurudinov bilen bir agramda bäsleşip, ondan yza galdy. Netijede, Salwan Jasim kümüş medala eýelik etdi.

Eýranly Barari Mohammadreza bassyr 2 gezek Aziýanyň çempiony bolan agyr atletikaçy. Ol hem aziýaly ştangaçylaryň dünýä çempionatynyň medallaryna esasy dalaşgärleriň hatarynda durýandyklaryny görkezmegi maksat edinýär.

Hojaberdi APBAÝEW, žurnalist.

Baş hemaýatkär

Resmi hemaýatkärler

Resmi hyzmatdaşlar

Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.
Which page:
Selected text:
Note:
x