WWC 2018

Söhbetdeşlikler

Dawit Mosinýan: «Milli lybaslardaky umumylyk olaryň ajaýyplygyndadyr»

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde geçirilýän 84-nji dünýä çempionatyna gelen Ermenistanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndysynyň lukmany Dawit Mosinýan bilen söhbetdeş bolduk. Ol “ashgabat2018.com” saýty üçin taýýarlanan söhbetdeşlikde özünde galan täsirleri beýan etdi. 

– Siz Türkmenistana ilkinji gezekmi geldiňizmi?

– Ozal Aşgabatda iri ýaryşlaryň geçirilýändigini kän eşdipdim. Indi bolsa şeýle ýaryşlaryň birine gatnaşmak miýesser etdi. Şeýlelikde, gulaklarym bilen eşidenlerimi gözlerim bilen görmäge mümkinçilik aldym.
 
– Milli ýygyndyňyz barada aýdaýsaňyz?

– Ermenistandan Aşgabatda geçirilýän agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna 8 türgen getirdik. Olaryň 4-si erkek, 4-si zenan türgenler. Olaryň arasynda Olimpiýa çempiony, ýaşlaryň arasynda Ýewropa çempionlary bar. Ýaşlaryň arasynda geçirilen Ýewropa çempionatyna gatnaşandygymyz sebäpli biz diňe 2 hepde taýýarlyk işlerini geçirdik. Şonda-da türgenler ýokary netijeleri gazanmak üçin yhlas edýärler. Hakob Mkrtchyan 89 kilograma çenli erkekleriň arasyndaky ýaryşda itekläp götermekde kümüş medal gazandy. Çempionatyň 9-njy güni bolsa 109 kilograma çenli agramdaky erkekleriň bäsleşiginde Ýewropa çempiony Simon Martirosyandan üstünlikli çykyşa garaşýarys.

– Türkmen lukmanlary bilen pikir alyşdyňyzmy?

– Türkmen lukmanlary bilen tanyşdym. Olar bilen pikir alyşdym we maslahatlaşdym. Sizde lukmançylygyň, şol sanda sport lukmançylygynyň ösdürilmegi üçin döwlet tarapyndan yzygiderli alada edilýändigini her ädimde görmek bolýar. 

– Türkmen milli egin-eşikleri baradaky pikirleriňizi hem paýlaşaýsaňyz!?

– Elbetde, her bir ýurduň öz taryhy, öz milliligi bar. Türkmen milli egin-eşikleri bilen biziň milli lybaslarymyzyň arasynda-da umumylyk bar. Bu umumylyk olaryň diýseň  ajaýyplygyndadyr. Aslynda welin her halkyň lybasy onuň milli aýratynlyklaryny şöhlelendirýär. Mende esasan türkmen tahýalary we ony bezeýän keşdeler ýakymly täsir galdyrdy.

– Wagt tapyp beren gyzykly gürrüňleriňiz üçin sag boluň!

– Sag boluň!
                                       
Söhbetdeş bolan Sylapberdi MÄMMEDOW,
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.

Baş hemaýatkär

Resmi hemaýatkärler

Resmi hyzmatdaşlar

Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.
Which page:
Selected text:
Note:
x