WWC 2018

Soňky habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti IWF-iň ýolbaşçysyna dünýä çempionatynyň ýadygärlik nyşanyny gowşurdy

Türkmenistanyň  Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2018-nji ýylyň 8-nji noýabrynda Halkara agyr atletika federasiýasynyň (IWF) ýolbaşçysy Tamas Aýany kabul etdi. Duşuşyk wagtynda Türkmenistanyň  Prezidenti  IWF-iň ýolbaşçysyna Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň ýadygärlik nyşanyny gowşurdy. 

Söhbetdeşligiň çäklerinde Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Tamaş Aýan dünýäniň 100-e golaý döwletiniň gatnaşýan dünýä çempionatynyň deslapky netijelerini ara alyp maslahatlaşdylar. 

Tamaş Aýan bu çempionaty guramak hukugyna ýurtlaryň 5-siniň dalaş edendigini, emma IWF-niň ony Türkmenistanda geçirmek kararyna gelendigini aýtdy. Ol bu ýerde Türkmenistanda sport ulgamynda uly üstünlikleriň gazanylýandygynyň aýgytly ähmiýetiniň bolandygyny belledi. 
         
Türkmen Lideri  Türkmenistanyň ýakyn geljekde welotrek, sambo, boks, şeýle-de kenarýaka Aziýa oýunlary boýunça dünýä derejeli ýaryşlary geçirmek babatda ýüztutmalary kabul edendigini belläp, geljekde agyr atletika boýunça ýaryşlary ýene-de kabul etmäge taýýardygyny aýtdy. 

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň  Prezidenti bilen IWF-iň ýolbaşçysy Türkmenistanyň we Halkara agyr atletika federasiýasynyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldiljekdigine ynam bildirdiler.

Habar beriş serişdeleriniň maglumatlary esasynda taýýarlanyldy.

Baş hemaýatkär

Resmi hemaýatkärler

Resmi hyzmatdaşlar

Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.
Which page:
Selected text:
Note:
x