WWC 2018

Soňky habarlar

Ermenistanly agyr atletikaçy ilkinji gezek dünýä çempiony boldy

Dünýä çempionatynyň 9-njy güni medala dalaş etjekler 109 kg çykyş edýän erkekleriň ýaryşy bilen bat aldy.

Birbada götermek boýunça hytaýly türgen Yang Zhe 196 kg göterip altyn medala mynasyp boldy. Ikinji synanşygynda galdyran agramy (197 kg) hasap edilmedik ermenistanly türgen Simon Martirosyan 195 kg bilen kümüş medal aldy. Russiýaly türgen Rodion Bochkov 190 kg göterip bürünç medal eýeledi.

Itekläp götermekde garşydaşlaryny yzda goýan Simon Martirosyan 240 kg galdyryp altyn medal aldy. Ol şol sanda ulularyň arasyndaky dünýä rekordyny hem täzeledi. Polşaly Arkadiusz Michalski 228 kg göterip, kümüş medala eýe boldy. 227 kg göteren Ruslan Nurudinov 227 kg bürünç medal bilen oňňut etmeli boldy. 

Umumy hasapda hem Simon Martirosyan has tapawutly netije bilen (435 kg) hormat münberiniň çür başyna çykdy. Ol şol sanda dünýä rekordyny hem täzeledi. Bu türgeniň ilkinji dünýä çempionlygydyr. Kümüş medal 419 kg galdyran Yang Zhe mynasyp boldy. Bürünç medala 403 kg göteren Michalski Arkadiusz eýe boldy.

«Olimpiýa çempiony» diýen ady göterýän özbegistanly türgen Ruslan Nurudinov altyn medala esasy dalaşgärleriň biridi. Emma onuň üçin bu ýaryş juda şowuz tamamlandy. Şonda-da ol Özbegistanyň ýygyndysynyň gazanan medallarynyň üstüne bürünç medal goşmagy başardy.  

Allanur ÇARYÝEW,
«Mawy yşyk» başlangyç hünär okuw mekdebiniň sport synçysy hünäriniň talyby.

Baş hemaýatkär

Resmi hemaýatkärler

Resmi hyzmatdaşlar

Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.
Which page:
Selected text:
Note:
x