WWC 2018

Soňky habarlar

Hormat münberinde aziýaly we amerikaly ştangaçylar

Dünýä çempionatynyň 9-njy güni zenanlaryň arasynda geçirilen bäsleşik bilen jemlendi. 89 kg agramda çykyş eden zenanlaryň arasyndaky ýaryşlar çekeleşikli ýagdaýda geçdi.  

Birbada götermekde 117 kg galdyran hytaýly türgen zenan Ao Hui altyn medala mynasyp boldy. Dominikanly türgen Santana Peguero Crismery Dominga 116 kg netije bilen kümüş medala eýe çykdy. 111 kg galdyran demirgazyk koreýaly türgen Kim Un Jun bürünç medal aldy.  

Itekläp götermek boýunça esasy bäsdeşlik hytaýly we demirgazyk koreýaly türgenleriň arasynda geçdi. 152 kg galdyran Kim Un Jun altyn medalyň eýesi boldy. Ondan sähelçe pes netije görkezen Ao Hui (151 kg) kümüş medal aldy. Bürünç medala 140 kg galdyran çilili türgen zenan Valdes Paris Maria Fernanda mynasyp boldy.   

Umumy hasapda Ao Hui 268 kg göterip dünýä çempiony diýen ada eýe boldy. Kim Un Jun 263 kg netije görkezip kümüş medal bilen sylaglandy. Santana Peguero Crismery Dominga 254 kg agramy galdyryp, hormat münberiniň 3-nji basgançagyna çykdy.

1977-nji ýylda dogulan ekwadorly zenan Nieve Arroyo Oliba Seledina  ýaryşa bolan gyzyklanmany artdyrdy. Ol soňky gezek 2017-nji ýylda geçirilen Panamerikan oýunlarynda bürünç medal alypdyr. Ekwadorly agyr atletikaçy Aşgabatdaky dünýä çempionatynda 241 kg göterip, umumy hasapda 7-nji orna düşdi. 

Allanur ÇARYÝEW,
«Mawy yşyk» başlangyç hünär okuw mekdebiniň sport synçysy hünäriniň talyby.

Baş hemaýatkär

Resmi hemaýatkärler

Resmi hyzmatdaşlar

Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.
Which page:
Selected text:
Note:
x