WWC 2018

Soňky habarlar

Soňky nokady kim goýar?

Türkmenistanyň paýtagtynda guralýan agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň 10-njy güni dowam edýär. 87 kilogramdan ýokary agramdaky zenanlaryň we 109 kilogramdan ýokary agramdaky erkekleriň arasynda “C” we “B” toparlarda ýaryşlar başlandy. 

Medallar ugrundaky esasy göreş günüň ahyrynda başlanar. Zenanlaryň ýaryşynda-da, erkekleriň ýaryşynda-da dünýä çempionatlarynyň we Olimpiýa oýunlarynyň baýrak eýeleriniň bardygyny aýtmak gerek. 

Munuň özi dünýä çempionatynyň soňky gününiň has gyzgalaňly boljakdygyny wada berýär. Şu gün geçiriljek ýaryşlarda çempionatyň iň soňky agramdaky medallarynyň eýeleri belli ediler.

Aşgabatda tamamlanyp barýan agyr atletika boýunça dünýä çempionaty 2018-nji ýylyň 1-nji noýabrynda badalga aldy. Oňa 100 töweregi döwletden ussat agyr atletikaçylar gatnaşýar.

Gunça ORAZOWA,
Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň sport žurnalistikasy hünäriniň talyby.

Baş hemaýatkär

Resmi hemaýatkärler

Resmi hyzmatdaşlar

Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.
Which page:
Selected text:
Note:
x