WWC 2018

Soňky habarlar

Diňe altyn medal gazanýan agyr atletikaçy

Dünýä çempionatynyň iň soňky güni sport bilermenleriniň aglabasyny gyzyklandyrýan sowal bar: «Lasha Talakhadze nähili rekord goýarka?» 2015-nji ýyldan bäri gatnaşan iri ýaryşlarynyň hemmesinde diňe altyn medal gazanýan gruziýaly ştangaçy şu wagta çenli diňe 105 kilograma çenli agramda çykyş edipdi. Indi bolsa täze agramlaryň girizilmegi bilen ol 109 kilogramdan ýokary agrama geçdi. 

Gruziýaly agyr atletikaçy 109 kilogramdan ýokary agramda altyn medala esasy dalaşgärleriň biri hasaplanmak bilen, onuň haýsy görnüşde nähili rekord goýjakdygy hem bilermenleriň üns merkezinden sypanok. Ýöne gürrüňi edilýän agramda medallar ugrunda göreşjek başga-da ştangaçylar bar. Olardan Aşgabat Aziadasynyň çempiony (2017) özbegistanly Rustam Djangabaev bilen Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medalynyň eýesi (2016) we Ýewropanyň wise-çempiony (2016, 2017) Gor Minasyanyň adyny tutmak bolar.  

109 kilogramdan ýokary agram ştangaçylaryň aglabasy üçin synag bolup durýar. Bu agramyň täze girizilendigi ýaryşa gatnaşýanlaryň mümkinçilikleri hakynda ynamly çaklama aýtmaga päsgel berýär? Muňa garamazdan, janköýerler ozaldan çempion bolmagyna garaşýarlar?

Hoşgeldi SERDAROW, 
Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň sport žurnalistikasy hünäriniň talyby.

Baş hemaýatkär

Resmi hemaýatkärler

Resmi hyzmatdaşlar

Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.
Which page:
Selected text:
Note:
x