WWC 2018

Soňky habarlar

Sowallaryň jogaby ýaryşlardan soň berler

Aşgabatda geçirilýän dünýä çempionatynyň 10-njy gününde 87 kilogramdan ýokary agramdaky zenanlaryň bäsleşiginde kimleriň çempion boljakdygy janköýerleriň bilesigelijiligini artdyrýar. Bu agramda Olimpiýa oýunlarynyň çempiony (2016), dünýäniň 3 gezek wise-çempiony Suping Meng (Hytaý) bilen 4 gezek dünýä çempionatynda, 7 gezek Ýewropa çempionatynda altyn medal gazanan russiýaly Tatýana Kaşirina altyn medala dalaş eder diýip çaklanylýar. 

Şeýle-de, Rio-de-ŽaneýrodakyOlimpiadanyň kümüş medalynyň eýesi Kim Kuk Hyang (Demirgazyk Koreýa) Aziýa çempionatlarynda yzygiderli altyn medal ugrunda göreşýän ştangaçylaryň biridir. Atlary agzalanlardan başga-da, ençeme agyr atletikaçynyň Aşgabatda hormat münberine çykmagy arzuw edýändiklerini bellemek gerek.

Täze agramlaryň girizilmegi agyr atletikaçylaryň mümkinçilikleri baradaky garaýyşlary batyrgaý aýtmak mümkinçiligini çäklendirýär. Şonuň üçin hemme sowalyň jogaby şu gün geçiriljek ýaryşlardan soňra belli bolar.

Bilbil BABAÝEWA,
Türkmen Döwlet maliýe institytynyň talyby.

Baş hemaýatkär

Resmi hemaýatkärler

Resmi hyzmatdaşlar

Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.
Which page:
Selected text:
Note:
x