WWC 2018

Soňky habarlar

87+ agramda kim nähili çykyş eder?

Ýurdymyzda geçirilýän agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň tamamlanmagyna az wagt galdy. Bu gün zenanlaryň arasynda 87+ agramda ýaryş geçirler. Bu ýaryşda kimleriň nähili çykyş etjekdigine bilermenleriň nähili baha berýändikleri bilen tanyşdyrýarys.

Sumalee Thawornsakteerakul, teležurnalist (Taýland):

— Men bu çempionatda rudsiýaly Tatiana Kashirina birinji bolar diýip pikir edýärin. Sebäbi türgeniň öňki ýaryşlarda görkezen netijeleri diýseň ýokary.

Mahassen Hala Fattouh, türgen  (Liwan):

—  + 87 kg agramda ýeňiji bolar diýip iki türgeni aýdasym gelýär. Russiýaly türgen zenan Tatiana Kashirina hem-de hytaýly Meng Suping. Ýöne ýaryşda garaşylmadyk ýeňijileriň hem bolup bilýändigini unutmaly däl.

Timothy Joel Scott, habarlar saýtynyň habarçysy (Amerika):

— Ýaryşdan öň haýsyyr bir türgen ýeňiji bolar diýip aýtmak kyn. Ýöne meniň pikirimçe, rus türgeni Tatiana Kashirina, hytaýly Meng Suping hem-de koreýaly Son Ýounghee medallara dalaş eder öýdýärin. Beýleki türgenleriň islendigi hem baýrakly orunlary eýeläp biler. Öňünden çaklama esasan türgeniň ozal görkezen netijelerine esaslanyp aýdylýar. Men köp ýyllardan bäri öz web- saýtymyzda agyr atletika boýunça täzelikleri öwrenip gelýärin. Ýöne iň soňky nokady ýaryş goýar.

Agamyrat Baýramow, «Türkmenistan: Sport» teleýaýlymynyň kommentatory(Türkmenistan):

— Zenanlaryň arasyndaky iň agyr agramda çykyş edýän toparda dünýä belli türgenler bar. Bu bolsa ýaryşyň çekeleşikli geçjekdigini görkezýär. Türgenleriň öňki ýaryşdaky netijelerine seredip ýaryşda Tatiana Kashirina, Meng Suping, demirgazyk koreýaly Kim Kuk Hyang ýer alar diýip bilerin. Ýene bir bellemeli zat bolsa aziýaly türgenleriň adatça gowy netije görkezýändigidir.

Ýazga geçiren Allanur ÇARYÝEW,
«Mawy yşyk» başlangyç hünär okuw mekdebiniň sport synçysy hünäriniň talyby.

Baş hemaýatkär

Resmi hemaýatkärler

Resmi hyzmatdaşlar

Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.
Which page:
Selected text:
Note:
x