WWC 2018

Soňky habarlar

109+ kg agramda kim nähili çykyş eder?

Aşgabatda geçirilýän dünýä çempionatynda + 109 kg agramda çykyş etjek türgenleriň ýaryşy şu günki esasy ünsi çekjek bäsleşikdir. Bu agramda çykyş etjek Olimpiýa we dünýä çempionlarynyň haýsy biri Türkmenistanyň paýtagtynda altyn medal gazanarka?

Rene Eugen Muchenberger, fotožurnalist ( Germaniýa ):

— Elbetde, ýaryşyň öňýany belli bir zat aýtmak kyn. Ýöne öňki netijelere görä gruziýaly türgen Lasha Talakhadze bir ädim öňde diýip bolar. Esasy zat bolsa ýeňijini ştanga kesgitlär.

Yosanant Raicharoen, tälimçi ( Taýland ):

— Çempionatyň jemleýji ýaryşy gyzykly bolar. «A» toparda Olimpiýa, dünýä çempionlary, abraýly ýaryşlarda çykyş baýrakly orunlary eýelän türgenler bar. Meniň öz şahsy pikirim boýunça Ruslan Albegov öz garşydaşlaryndan tapawutlansa gerek. Rus türgenleri geçen ýaryşlarda özleriniň çempionata taýýarlykly gelendiklerini görkezdiler.

Orazgeldi Geldiýew, «Türkmen sporty» gazetiniň sport synçysy (Türkmenistan)

 —Täze agramlaryň girizilmegi dünýä çempionatyna gatnaşýanlar hakynda kesgitli çaklama aýtmaga päsgel berýär. Muňa garamazdan, gruziýaly dünýä çempiony Lasha Talakhadze altyn medala esasy dalaşgär bolmagynda galýar. Onuň bilen bäsleşikde beýleki agyr atletikaçylaryň nähili çykyş etjekdigi meni diýseň gyzyklandyrýar. Hut şonuň üçinem, şol topardaky ýaryşa sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn.

Denis Reno, fotožurnalist ( ABŞ ):

— Meniň özüm köp ýyllardan bäri žurnalistika bilen meşgullanýaryn. Olimpiýa oýunlaryna gatnaşdym. Agyr atletikanyň iň gyzykly toparçasy hasaplanýan +109 kg agarmda çykyş etjek türgenleriň ýaryşy gyzykly ýagdaýda geçer. Olimpiýa çempiony Lasha Talakhadzeniň çykyşyna uly höwes bilen garaşýaryn.

Maksat Akmämmedow, žurnalist ( Türkmenistan ):

— Dogrusy, bu topardaky çykyşlara uly gyzyklanma bilen garaşýaryn. Milli ýygyndymyzyň iň agyr agramda çykyş edýän türgeni Hojamuhammet Toýçyýewiň uly üstünlik gazanar diýip umyt edýärin. Ýöne onuň örän tejribeli garşydaşlarynyň bardygyny hem aýtmak gerek.

Ýazga geçiren Gunça GURBÄNMMEDOWA,
Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň sport žurnalistikasy hünäriniň talyby.

Baş hemaýatkär

Resmi hemaýatkärler

Resmi hyzmatdaşlar

Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.
Which page:
Selected text:
Note:
x