WWC 2018

Soňky habarlar

«Eleiko» – ygtybarly hyzmatdaş

Şwesiýada döredilen bu kompaniýa eýýäm 400 ýyldan bäri agyr atletikada ulanylýan enjamlary öndürýär. «Eleiko» – häzirki döwürde agyr atletika degişli enjamlary öndürýän iň meşhur kompaniýadyr. Ol Halkara agyr atletika federasiýasynyň (IWF) şahadatnamalary we diplomlary bilen kanuny tarapdan üpjün edilendir. «Eleiko» Aşgabatdaky dünýä çempionatyny hem öz önümleri bilen üpjün edýär. Kompaniýa köpýyllyk tejribesi bilen agyr atletika enjamlarynyň ýokary hiline kepil geçýär.

«Eleiko» ilkinji gezek 2012-nji ýylda Londonda geçirilen Olimpiýa oýunlarynda sport enjamlary bilen gatnaşdy we şol ýyldan bäri hem Halkara ýaryşlaryny öz önümleri bilen üpjün edýär. 

1963-nji ýylda «Eleiko» kompaniýasy ilkinji gezek grifi halk köpçüligine ýetirdi. Ol örän berkligi bilen haýran galdyrdy.  

Grif erkekler üçin we aýallar üçin niýetlenilen. Erkekler üçin grifiň agramy – 20 kg, uzynlygy – 220 sm, diametri – 25 mm. Zenanlar üçin grifiň agramy – 15 kg, uzynlygy  205 sm, diametri – 25 mm.

Häzirki wagtda «Eleiko» özüniň müşderilerine agyr atletikanyň birnäçe görnüşli önümlerini hödürleýär. Duşuşyk meýdançasynyň düşegi, türgenleriň sürtülmä garşy ulanýan ele çalgyçlary, ştanganyň tigirlenmegine garşy gorag germewleri we. ş.m.  Agramlyklar bolsa reňkleri bilen bir-birinden tapawutlandyrylýar.

Altyn ÝAGMUROWA,
«Dünýä edebiýaty» žurnalynyň hindi dili boýunça terjimeçisi  

Baş hemaýatkär

Resmi hemaýatkärler

Resmi hyzmatdaşlar

Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.
Which page:
Selected text:
Note:
x