Olimpiýa şäherjiginde dowam edýän dünýä çempionaty ahyrladygyça medallar ugrundaky göreş hem gyzyşýar. Agyr agramdaky pälwanlar Aşgabatda dünýä çempiony bolmak üçin tijendiler. Türkmenistany soň-solaram özüniň dünýä çempionatynyň medalyny gazanan ýeri hökmünde ýatlamak isleýän türgenleriň çykyşlary fotohabarçylaryň üns merkezinde durýar. Olaryň düşüren suratlary bolsa internet arkaly çar ýana ýaýraýar. Şol suratlaryň bir bölegi türkmen fotožurnalisti Mageram Allagulyýewe degişli. Geliň, onda halypa žurnalistiň nazarynda eglenen pursatlary bilelikde synlalyň.