WWC 2018

Soňky habarlar

Bäşinji altyn – täze rekord

Çempionadyň soňky gününde medallar ugrundaky ýaryş +87 kg çykyş edýän zenanlaryň bäsleşiginden başlady.  

Garaşylyşy ýaly gowy netijäni görkezen, russiýaly Tatiana Kashirina birbada götermek boýunça altyn medal aldy. Ol 145 kg agramy göterip, şol sanda dünýä rekordyny hem täzeledi.  

Tatianadan bary ýogy 2 kilogram az göteren hytaýly türgen Meng Suping (143 kg)  kümüş medal bilen kanagatlanmaly boldy. Öňdäki iki türgeniň esasy bäsdeşi demirgazyk koreýaly Kim Kuk Hyang (130 kg) bürünç medala mynasyp boldy.

Itekläp götermek boýunça esasy çekeleşikli ýaryş russiýaly hem-de hytaýly türgeniň arasynda boldy. Diňe agramy götermek bilen däl-de, sargalan agarmalary üýtgetmek bilen hem bäsleşen türgenler ýatdagalyjy çykyş etdiler.

Şeýlelik-de bu görnüş boýunça altyn medala Tatiana Kashirina mynasyp boldy 185 kg). bu agram bilen dünýä rekordyny täzeledi. Kümüş medal gazanan Meng Suping 184 kg agramy galdyrmagy başardy. Bürünç medala 167 kg göteren taýlandly Chaidee Duangaksorn mynasyp boldy.

Umumy hasapda hem Tatiana Kashirina altyn medaly hiç kime gidirmedi. Ol 330 kg galdyryp özüniň bäşinji dünýä çempionlygyny gazandy. Ol şol sanda ulularyň arasynda dünýä rekordyny täzeledi. Meng Suping 327 kg agrama hötde gelip, kümüş medal aldy. Taýlandly Chaidee Duangaksorn 298 kg bilen bürünç  medal aldy.  

Selbi AMANALYÝEWA,
Türkmen Döwlet maliýe institutynyň talyby.

Baş hemaýatkär

Resmi hemaýatkärler

Resmi hyzmatdaşlar

Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.
Which page:
Selected text:
Note:
x