WWC 2018

Soňky habarlar

Ilkinji lukmançylyk kömegini bermek üçin ýörite topar iş alyp bardy

Türkmen paýtagtynda tamamlanýan Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň üstünlikli geçmeginde lukmanlar toparynyň hem ýardamy uludyr. Adatdan daşary ýagdaýlarda ejir çekene ilkinji lukmançylyk kömegini bermek üçin ýörite topar iş alyp bardy. 

— Agyr atletikada türgenleriň alyp biläýjek şikesleri oňurga, bogun şikeslenmesi, myşsa we siňir süýnmeleri, penje süňkleriniň çykmasydyr döwülmesi bolup bilýär. Ýaryş geçirilýän ýerde lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylan ilkinji kömek beriji otag ýerleşdi. Enjamlaryň dünýä ülňülerine laýyk gelmegi bolsa islendik ýagdaýdan dogry we çalt baş alyp çykmaga ýardam berýär — diýip Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň lukmançylyk bölüminiň başlygy Selbi Myradowa gürrüň berýär. 

— Ýardamçy meýletinçiler Türkmen Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyplarynyň arasyndan saýlanyp alnyp, olaryň daşary ýurt dillerini öwrenmeklerine aýratyn üns berildi. Lukmanlar bilen bir hatarda meýletinçilere-de ilkinji kömek bermegiň usullary öwredildi.

Okuw taýýarlyk döwründe meýletinçilere ilkinji kömegi bermegiň usullaryny öwredip, olaryň ejir çeken bilen nähili gatnaşykda bolmalydygy düşündirildi. Olaryň geýimleriniň gyzyl reňkde bolmagy bolsa islendik ýerde özgelerden saýlanmagyna getirdi. Şeýle-de, ilkinji kömegiň diňe türgenlere däl, myhmanlara, tomaşaçylara hem berlip bilinýän pursatlary bolýar. Şonuň üçin ýörite tomaşaçylaryň golaýynda ilkinji kömek otagy hereket etdi — diýip, lukmançylyk bölüminiň başlygy aýtdy.

Çempionatyň başlanmagynyň öňüsyrasynda geçirilen IWF-niň ýygnagynda lukmançylyk komitetiniň başlygy Maýk Irani Türkmenistanda agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna ýokary derejede taýýarlyk görlendigini, şol sanda lukmançylyk işleriniň ýokary talaplara laýyk gelýändigini belläp geçdi. 

Amanmyrat MYRADOW,
žurnalist.

Baş hemaýatkär

Resmi hemaýatkärler

Resmi hyzmatdaşlar

Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.
Which page:
Selected text:
Note:
x