WWC 2018

Soňky habarlar

Dünýä çempionaty rekord bilen jemlendi

Çempionadyň iň soňky ýaryşy iň ýokary agram bolan +109 kilogramda bäsleşjek türgenleriň arasynda boldy.

Birbada götermek boýunça altyn medala garaşylyşy ýaly, gruziýaly Lasha Talakhadze mynasyp boldy (217 kg). Ol şol sanda ulularyň arasynda dünýä rekordyny täzeledi. Kümüş medaly 205 kg galdyran ermenistanly Gor Minasyan aldy. Ýene bir gruziýaly türgen Irakli Turmanidze 203 kg göterip, bürünç medala eýe boldy. 

Itekläp götermek boýunça hem altyn medaly Lasha Talakhadze hiç kime bermedi. Ol 257 kg galdyryp 1-nji orny eýeledi. Ol şol sanda dünýä rekordyny hem täzeledi. Kümüş medaly 245 kg galdyran Gor Minasyan aldy. Özbegistanly Rustam Djangabaev 245 kg göterip bürünç medala mynasyp boldy. Bu agramda Türkmenistanyň wekili Hojamuhammet Toýçyýew hem çykyş etdi. Ol 240 kilogram görkeziji bilen 4-nji orny eýeledi. 

Umumy hasapda Lasha Talakhadze 474 kg göterip, çykyşyny ynamly ýeňiş bilen jemledi. Ol şol sanda dünýä rekordyny-da täzeledi. Kümüş medaly  450 kg galdyran Gor Minasyan aldy. 447 kg galdyran Rustam Djangabaev bürünç medala mynasyp boldy. 

Şeýlelikde, Aşgabatda geçirilen dünýä çempionaty üstünlikli tamamlandy. Bu çempionat täze dünýä rekordlarynyň birnäçesi bilen ýatda galdy. 

Allanur ÇARYÝEW,
«Mawy yşyk» başlangyç hünär okuw mekdebiniň sport synçysy hünäriniň talyby.

Baş hemaýatkär

Resmi hemaýatkärler

Resmi hyzmatdaşlar

Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.
Which page:
Selected text:
Note:
x