WWC 2018

Söhbetdeşlikler

Jassim Alawadhi: «Biz Aşgabatda özümizi öýümizde ýaly duýduk»

Birleşen Arap Emirlikleriniň wekiliýetiniň ýolbaşçysy  Jassim Alawadhi dünýä çempionatyna emin hökmünde hem gatnaşdy. Ol özünde galan täsirleri “ashgabat2018” saýtynyň okyjylary bilen paýlaşdy.

— Agyr atletika ugrundan tejribäm boýunça aýtsam, Aşgabat şäherinde geçirilýän bu dünýä çempionatynyň guramaçylygy ýokary derejede. Türkmenistan döwleti halkara derejesindäki sport ýaryşlaryny geçirmekde tejribesi ýeterlik bolan döwlet.

Ýaryşlar gyzgalaňly geçirildi diýip, aýdyp bilerin. Bu dünýä çempionatyna 100 töweregi döwletden türgenleriň gatnaşandygy we täze agramlarda rekordlaryň goýlandygy oňa bolan gyzyklanmany artdyrdy. 

Aşgabat şäherini ýakyndan synlamak bilen biz onuň örän gözel şäherdigine şaýat bolduk. Bu ýerdäki desgalardyr binalaryň gurluşy bizi haýran galdyrdy. Aýratynam, bu şähere aýak basan ilkinji pursatlarymyzda güler ýüz bilen gyzgyn garşylanmagymyz ýakymly täsir galdyrdy. Bu ýerde özümizi edil öýümizde ýaly duýduk. 

Ýazga geçiren Selbi ANNAKURBANOWA,
Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.

Baş hemaýatkär

Resmi hemaýatkärler

Resmi hyzmatdaşlar

Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.
Which page:
Selected text:
Note:
x