WWC 2018

Soňky habarlar

Brian Kitts: «Türkmenistana ýene gelmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýarys»

Türkmenistan her bir myhmanyň ýüreginde ýakymly ýatlamalar bilen galýar. Bu hakda her bir myhman tüýs ýüregi bilen gürrüň berýär. Bizem 106 kg agramda çykyş eden amerikaly türgen Brian Kitts bilen pikir alyşdyk. Ol çempionat barada özünde galan täsirlerini biz bilen paýlaşdy.

— Meniň Türkmenistana ilkinji gezek gelip görşüm. Onuň paýtagty Aşgabadyň ak mermere bürenen şäherdigini öz gözlerimiz bilen görmek bizde ýakymly täsir galdyrdy. Onuň Ginnesiň rekordlar kitabyna girendigi her bir adamda gyzyklanma döredýär.

2017-nji ýylda agyr atletika boýunça dünýä çempionaty Anahaýmda geçirildi. Ol ýaryş ýokary derejede geçdi. «Aşgabat 2018» ýaryşy barada aýdanymda, bu ýerde hem dünýä çempionaty ýokary derejede guraldy. Şonuň üçin Türkmenistanda geçirilen dünýä çempionatyna gatnaşandygyma we bu ýerde täze dostlar tapandygyma begenýärin. Biz Türkmenistana ýene-de höwes bilen geleris. 

Ýazga geçiren Laçyn BERDIMYRADOWA,
Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.

Baş hemaýatkär

Resmi hemaýatkärler

Resmi hyzmatdaşlar

Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.
Which page:
Selected text:
Note:
x