WWC 2018

Söhbetdeşlikler

Waleriý Solomatin: «Aşgabat diýlende, dünýä çempionaty göz öňüme geler durar»

Türkmenistanyň paýtagtynda tamamlanan dünýä çempionatynyň ahyrky günnde Russiýanyň «Матч ТВ» teleýaýlymynyň redaktory Waleriý Solomatin bilen pikir alyşdyk. Ondan «ashgabat2018.com» saýtynyň redaktorlary tarapyndan düzülen sowallara jogap bermegini haýyş etdik.

– Size haýsy türgeniň çykyşy ýarady? 

– Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna birnäçe döwletden ezber türgenler geldi. Esasan, hytaýly Tian Taonyň, müsürli Mahmud Mohammediň, eýranly Sohrab Moradiniň, şeýle-de öz ildeşimiz Artýom Okulowyň we Tatýana Kaşirinanyň  çykyşlary ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.

– Türkmenistanda bolan günleriňde nähili täsir galdy?

– Biz Aşgabatda ilkinji gezek. Şol sebäpli-de, heran-haçan Aşgabat diýlende, dünýä çempionaty göz öňüme geler durar.

– Dünýä çempionatynyň resmi saýty hakda näme aýdyp bilersiňiz?

– Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň resmi saýty bolan «ashgabat2018.com» barada aýtsam, ilki bilen onuň üç dilde ýöredilýändigi özüne çekdi. Galyberse-de, dünýä çempionlary barada aýtaryn söhbetdeşlikleriň goýulmagy bize olar baradaky maglumatlary elýeterli etdi. 

Taýýarlan Aýbölek ABDYÝEWA,
«Mawy yşyk» başlangyç hünär okuw mekdebiniň sport synçysy hünäriniň talyby.

Baş hemaýatkär

Resmi hemaýatkärler

Resmi hyzmatdaşlar

Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.
Which page:
Selected text:
Note:
x