WWC 2018

Soňky habarlar

Aşgabatda dünýä çempionaty tamamlandy

Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherjiginde Türkmenistanda guralan agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň jemleýji dabarasy geçirildi. Onuň dowamynda umumy toparlaýyn ýaryşda ýeňiji bolanlar sylaglandy.  

Dabaranyň başynda 2019-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň geçiriljek ýeri bolan Taýland döwletiniň wekiline Halkara agyr atletika federasiýasynyň baýdagy gowşuryldy.

Dünýä çempionatyna gatnaşyjylaryň hormatyna guralan agşamlyk naharynda guramaçylaryň adyna hoşallyk sözleri aýdyldy. 

Soňra erkekler we zenanlar ýygyndylarynyň arasynda umumytoparlaýyn ýaryşda ýeňiji bolanlar sylaglandy. Şeýle-de, tapawutlanan türkmenistanly türgenlere-de sylaglar gowşuryldy. 

Şeýlelikde, Aşgabat şäherinde guralan agyr atletika boýunça dünýä çempionaty üstünlikli tamamlandy. 

Hojaberdi APBAÝEW,
«Bedenterbiýe we sport» žurnaly.

Baş hemaýatkär

Resmi hemaýatkärler

Resmi hyzmatdaşlar

Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.
Which page:
Selected text:
Note:
x