WWC 2018

Başa-baş söweş sungaty sport toplumy

Başa-baş söweş sungaty sport toplumy Olimpiýa şäherjiginiň günortasynda ýerleşýär.

Adyndan belli bolşy ýaly bu desgada esasan sportuň sambo, dzýudo, jiu-jitsu, guşakly we milli göreş, sport göreşi, boks, kikboksing ýaly söweş sungaty görnüşleri boýunça ýaryşlary geçirmek üçin doly mümkinçilikler bar.

Onuň sygymlylygy 5 000 adam. Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda birnäçe halkara iri göwrümli ýaryşlary, şol sanda jiu-jitsu boýunça Aziýa çempionaty, guşakly göreş boýunça halkara ýaryşy we sambo boýunça Aziýa çempionaty kikboksing boýunça Aziýa çempionaty we 2017-nji ýylda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny kabul edip, öz diwarlarynda sport baýramçylygynyň gaýtalanmajak şowhunyny we ýatdan çykmajak pursatlaryny saklaýar. Indi hem bu desga ýene-de bir ajaýyp halkara ýaryşy bolan Agyr atletika boýunça Dünýä çempionatyny kabul etmek üçin öz gapylaryny giňden açmaga garaşýar.

Dünýä çempionaty döwründe bu desgada 1 500-den gowrak tomaşaçylar üçin ýerler, ýokary derejeli myhmanlary we media wekilleri üçin ýörite ýerler we 150-den gowrak türgenler we akkreditirlenen sport wekilleri üçin ýerler göz öňüne tutular.

Baş hemaýatkär

Resmi hemaýatkärler

Resmi hyzmatdaşlar

Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.
Which page:
Selected text:
Note:
x